logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» kitabynyň döredilmeginiň 950 ýyllygy ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna giriziler
  15.08.2023
854
Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» kitabynyň döredilmeginiň 950 ýyllygy ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna giriziler

Türkmen halkynyň we türki döwletleriň gymmatly edebi mirasy bolan Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» kitabynyň döredilmeginiň 950 ýyllygy ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna giriziler. Bu barada Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň resmi Facebook sahypasynda habar berilýär.


Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan we Türkiýe ýaly türki döwletler tarapyndan teklip edilen hem-de Marokko, Katar, Wengriýa we Mawritaniýa tarapyndan goldanylan «Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» kitabynyň döredilmeginiň 950 ýyllygyny ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna girizmek» hakyndaky halkara başlangyç ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan biragyzdan kabul edildi we 2023-nji ýylyň noýabrynda geçiriljek Baş konferensiýaň Gün tertibine hödürlendi.