logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Mahabat festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi
  01.06.2023
1406
Mahabat festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi

31-nji maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda Bilim ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Mahabat — üstünligiň açary» atly bäsleşigiň — özboluşly mahabat festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Jemleýji tapgyryň dowamynda mahabat işi boýunça ussatlyk sapaklary, mahabat meseleleri boýunça çekişmeler guraldy, iň oňat işleriň sergisi görkezildi, festiwalyň ýeňijileri we dalaşgärleri sylaglamak dabarasy hem-de baýramçylyk şüweleňi boldy.

Geçirilen mahabat festiwalynyň hem esasy maksady ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdan, ýaşlary mahabat işine höweslendirmekden hem-de dalaşgärleriň iň gowy başlangyçlaryny saýlap almakdan, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, özboluşly çözgütlerini ýüze çykarmakdan hem-de iň gowy mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmekden ybarat boldy.

Festiwala mekdep okuwçylary, zehinli ýaşlar, talyplar, ýaş hünärmenler, telekeçi ýaşlar, ýaş alymlar şeýle-de ýaşlar kärhanalarynyň ençemesi öz taslamalaryny hödürlediler. Festiwal durmuş mahabat bäsleşigi, haryt we hyzmat mahabat bäsleşigi, ýörite bäsleşik ýaly ugurlarda geçirildi. Taslamalar eminler topary tarapyndan düýpli seljerildi we baha berildi. Teleýaýlym, radioýaýlym we internet mahabaty, grafiki hem-de adaty däl mahabat, mahabat suraty ýaly tehniki talaplara aýratyn üns berildi.

Bäsleşigiň her ugry boýunça bir ýeňiji kesgitlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de bäsleşige gatnaşan dalaşgärleriň ählisine festiwala gatnaşyjynyň diplomy gowşuryldy.