Marketingiň dilinde mahabat işleri «adwartaýzing» diýlip atlandyrylyp, ol iňlis dilinden terjime edilende «aýan etmek, äşgär etmek» manysynda bolup, ýörite adalgalar sözlüginde alyjylaryň ünsüni önümlere, hyzmatlara çekmek, önümleri, hyzmatlary almak üçin edilýän çagyryşlar, maslahatlar diýlip terjime edilýär.
Mahabatyň esasy wezipesiniň harydyň bäsleşýän taraplaryňkydan ýokary hillidigini, aralyk bahalydygyny, oňat alyjylyk häsiýetleriniň, gaplanyşynyň aýratynlaşdyrylmagy ýaly tapawutlaryň bolmalydygy bilen alyjylaryň islegini doly kanagatlandyryp bilmelidiginden ybaratlygy bellenilýär. Şonuň üçin mahabatda köp pul serişdelerini diňe bir telekeçilik kärhanalary harç etmän, eýsem, muzeýler, gaznalar we dürli jemgyýetçilik guramalary öz maksatlary üçin, köpçülige öz mahabat işlerini edýärler. Şu ýerde telekeçilik edarasy hasaplanmaýan ABŞ-nyň hökümetiniň dünýädäki güýçli mahabat edijileriň hatarynda 24-nji orunda durýandygyny aýtmak, bu işiň döwlet işlerinde hem ähmiýetlidiginden habar berýär.
Mahabat işi adamzat döräli bäri bar zatdyr. Ortaýer deňzi kenary ýurtlarynda arheologiki gazma işleri geçirilende dürli wakalar, teklipler hakynda habar berýän asmaçlar tapylypdyr. Rimliler gladiator uruşlary hakynda dürli diwarlarda, finikiýalylar bolsa, dürli harby ýörişleri, dürli haryt daşalyşyny daş gaýalaryň ýüzünde görkezmek bilen şekilleri çekipdirler. Bularyň hemmesi mahabatlaryň başlangyçlarydyr. Gadymy Gresiýada, Afinanyň köçelerinde gullaryň, mallaryň, dürli harytlaryň satylýandygy hakyndaky diwarlarda ýazylan habarlar mahabat edilişiniň görnüşidir. Ir döwürde senetkär küýzegärler öz harytlaryna bellik goýupdyrlar (biziň günlerimizde haryt bellikleri ýa-da haryt atlary goýulýar) we ony beýleki küýzegärleriňkiden tapawutlandyrypdyrlar.
Mahabatyň taryhynda 1450-nji ýylda doglan A.Manusiň tarapyndan neşir ediji tilsimiň oýlanyp tapylmagy uly öwrülişik döredipdir we ilkinji neşir edilen bildirişler 1478-nji ýylda iňlis dilinde çykarylypdyr. Soňky döwürlerde (1622-nji ýylda) iňlis dilinde ilkinji gazetiň çykmagy bilen mahabat işi güýçlenip başlapdyr. Mahabat güýçli derejede 18-nji asyrda ABŞ-da ösüp başlaýar. 1729-njy ýylda iň köp sanly gazeti çykaryp, onda iň köp möçberde mahabat ýerleşdirip, Amerika boýunça öňe çykmagy başaran Benjamin Franklindir. Ol Amerikan mahabatynyň atasy hasap edilýändir. Soňra 1813-nji ýylda ol ýerde hökmany başlangyç biliminiň ýola goýulmagy bilen sowatlylyk derejesi ýokarlanyp, gazet-žurnallarynyň köpelmegine täsir edipdir. Soňra bolsa radionyň, telewizoryň oýlanyp tapylmagy dünýä ýurtlarynda mahabat işiniň çalt depginlerde ösmegine uly itergi bolandygyny siziň özüňiz oňat bilýänsiňiz.
Beýik Britaniýaly ýyldyz zenan Ketrin Zeta Jones Angliýanyň «T-Mobile» kompaniýasy bilen 20 million dollarlyk mahabat gol çekdi. Ketriniň 30 sekuntlyk mahabatda «Alo» sözi dünýäde 2006-njy ýylda we häzirki güne çenli iň gymmat mahabat diýlip hasaba alyndy.
Merjen ESENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.