logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy-göwünleriň aramgähi
  20.12.2021
1089
Magtymguly Pyragy-göwünleriň aramgähi

Halkymyzyň ýüreginde müdimilik orun alan beýik şahyrymyzyň at-owazasy dünýä derejesinde belende göterilýär. Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir .

2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň kemala gelen dogduk obasy Gerkezde medeni ýadygärlikler toplumy we Magtymguly muzeýi açyldy. Şol ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiniň 290 ýyllygy hem dabaraly bellenildi.

  Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde, arassalygy asmanyň ak bulutlaryna çalymdaş Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda tamamlaýjy tapgyrda işler alnyp barylýar. Ol ýerde işleriň gidişi özüniň ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine  kybap gelmegi  aýratyn  bellenilmäge mynasypdyr.

  Eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan, tutumy belent toplumda bina ediljek desga merjen şäherimiziň gözelligini baýlaşdyryp, onuň deňsiz sazlaşygyna sazlaşyk goşar. 

Milli şahyrymyzyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygy hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy 2022-nji ýylda doly tamamlanyp, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp açylsa ýerine düşjekdigini aýdan medeniýet we sungat işgärleriniň bu pikiri aýratyn ähmiýete eýedir.

Magtymguly Pyragy Watanyň ykbalyny öz ykbalyndan has belentde goýanlygy üçin hem beýikdir. Şonuň üçin şahyryň ady ýurdumyzda etraplara, köçelere, teatrlara dakyldy. Döredijiligi bütin adamzada degişli bolmak bilen, geçmişi, şu güni hem geljegi aýdyň şöhlelendirýär.