logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde saglygyň erbetleşmeginiň öňüni almak üçin näme etmeli?
  06.04.2023
1861
Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde saglygyň erbetleşmeginiň öňüni almak üçin näme etmeli?

Magnit hadysasynyň täsirli günlerinde duýgur adamlarda dem alyş ýygylaşýar, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar. Adamlarda gowşaklyk, ysgynsyzlyk, akyl we fiziki zähmete ukybynyň, ýatkeşligiň peselmegi, baş aýlanma, kellagyry, eşidişiň peselmegi, gan basyşynyň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, üýtgäp durmagy, ukusyzlyk, gaharjaňlyk ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna getirip biler.

Ilki bilen, arterial gan basyşyna hem-de ýüregiň urşuna gözegçilik edip durmaly.

Şeýle-de, aşakdaky düzgünleri doly berjaý etmeli. Immuniteti pugtalandyrmak, gan aýlanyşy gowulandyrmak üçin her gün ir säher we agşam ýatmazdan öň daşarda gezelenç etmeli, egin-eşigiňiz ýeňil, rahat bolmaly. Gündelik ulanylýan arassa agyz suwunyň mukdaryny artdyrmaly, witaminlere, mikroelementlere baý azyk önümleri bilen iýmitlenmeli, iýmitiňizde süýt we süýt önümleri, ýagsyz mal eti, guş eti, balyk, gök önümler agdyklyk etmeli. Fiziki we akyl zähmetini dynç alyş bilen utgaşdyrmaly.

Ýeriň magnit hadysasynyň günlerinde duýgur adamlara, dowamly kesellerden, ýürek-damar we nerw kesellerinden ejir çekýän näsaglara howanyň üýtgäp durmagyna, howa maglumatlaryna we öz saglygyna ünsli bolmak maslahat berilýär. Howanyň täsiri bilen saglygyň erbetleşmegi ýüze çykanda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukmanyň maslahatyny doly we dogry berjaý etmeli. 

 

Orazgylyç ORAZGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.