logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /Lukmançylyk önümleriniň 9 million manatlyga golaýy öndürildi
  10.01.2023
1016
Lukmançylyk önümleriniň 9 million manatlyga golaýy öndürildi

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri geçen ýyly önümçiligiň ähli ugurlary boýunça ýokary netijeler bilen jemlediler. Bu ýerde lukmançylykda giňden ulanylýan ýokary hilli önümleriň 9 million manatlyga golaýy öndürilip, ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Öňdebaryjy kärhanada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden önümçiligiň möçberini artdyrmak, olaryň görnüşini köpeltmek barada degişli işler geçirildi. Önümçilige ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy, iň kämil enjamlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleriň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada hereket edýän agartma, gipsleme, dokma, sargy serişdelerini öndürýän bölümlerde ýurdumyzda öndürilen pagta süýüminden häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli harytlar taýýarlanýar. Dürli ölçegdäki hem-de dürli görnüşli zyýansyzlandyrylan lukmançylyk sargylary adam bedeniniň dürli ýerlerinde, synalarynda ulanmak üçin juda gaýym hem oňaýly hasaplanýar. Kärhananyň zyýansyzlandyrylan köp görnüşli sargy serişdeleri dürli şertlerde arassaçylygyň ähli kadalaryny doly berjaý etmäge niýetlenendir. Birleşigiň döwrebap düzümleriniň biri bolan bu kärhanada işleýän 300-e golaý işçi-hünärmeniň netijeli zähmet çekmekleri, arakesme wagtlarynda oňaýly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynyň bu önümleri häzirki wagtda ýokary islegden peýdalanýar.