logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Londonyň Piccadily köçesi Remezan aýy üçin ýörite bezeldi
  24.03.2023
1116
Londonyň Piccadily köçesi Remezan aýy üçin ýörite bezeldi

Dünýäniň hemme ýerinde bolşy ýaly, Angliýadaky musulmanlar hem Remezan bilen ýene bir gezek duşuşmagyň şatlygyny başdan geçirdiler. Paýtagt Londonyň meşhur köçelerinden biri bolan Piccadily Remezana taýýarlyk görmek üçin ýörite yşyklar bilen bezeldi.

Ýörite yşyklaryň ýakylyş çäresi şäheriň musulman häkiminiň gatnaşmagynda geçirildi. 30 müňden gowrak dürli reňkli yşyklar bilen köçäniň dürli ýerlerinde «Remezan gutly bolsun!», «Remezan mübärek bolsun!» ýaly ýazgylar ýazyldy.

Şäheriň musulman häkimi Londonyň West End şäherinde mübärek aýyň başlanmagyny bellemek üçin Remezan çyralaryny ilkinji gezek ýakandyklaryny aýtdy. Häkim pursatdan peýdalanyp Londondaky we dünýäniň ähli musulmanlaryna Remezan aýynyň şatlykly we bagtly geçmegini arzuw etdi.

Londonyň meşhur Piccadily köçesini bezemek baradaky pikir «Ramadan Lights UK» telekeçilik däl guramasy tarapyndan amala aşyryldy. Çykdaýjylar musulman guramalarynyň we jemgyýetçiligiň sadakalary bilen durmuşa geçirildi. 

 

Şamuhammet JUMAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.