logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Kuweýtde ilkinji holera keseli hasaba alyndy
  29.11.2022
1110
Kuweýtde ilkinji holera keseli hasaba alyndy

Kuweýtiň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda ilkinji gezek holera keseli ýazmaça beýanat berdi. Beýanatda goňşy ýurtlaryň birinden holera epidemiýasynyň getirilendigi aýdylýar. Şeýle hem ýurda holera keselini getiren daşary ýurt raýatyna häzirki wagtda keselhanada karantin edilendigi we bejergä başlandygy aýdylýar.

Beýanatda holera epidemiýasy bolan ýurtlara syýahat etjeklere duýduryş berildi we ýokary temperatura we içgeçme ýaly şübheli alamatlary görkezýänleri gaýdyp gelenlerinden 7 günüň dowamynda iň ýakyn saglyk merkezine ýüz tutmaga çagyryldy.

Holera epidemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolýan Kuweýt döwleti Yrakdan, Liwandan we Siriýadan ýolagçylaryň özleri bilen iýmit alyp gelmegini hem gadagan etmek kararyna geldi.