Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Golden Yarn: Haly önümçiligi üçin polipropilen ýüplükleriniň orny ✦ ✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦ ✦ Wegatatiw status we onuň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň geljekde nä derejede zerur bolar? ✦ ✦ Neýron tor ulgamlary näme? ✦ ✦ Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär ✦ ✦ Türkmenistanda IFT 2025 halkara forumy geçiriler ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kitap – bilimleriň çeşmesi
  28.12.2022
1082
Kitap – bilimleriň çeşmesi

Kitap – ynsanyň iň ýakyn hemrasydyr, ol geçmişi, geljegi öwredýän danadyr. Kitap zerur bolan gymmatly maglumatlaryň gymmatly ammarydyr. Ol bilimiň, sowatlylygyň çeşmesidir. Kitap okamak köp zatlar babatda ynsan üçin peýdalydyr. Onuň peýdaly taraplaryndan şu aşakdakylary agzap geçmek bolar:

Ünsi jemlemäge ýardam edýär. Yzygiderli kitap okalmagy ünsi jemlemäge ýardam edýär. Ol okalýan maglumat bilen aňyň utgaşmasyny üpjün edýär. Ünsli bolmaklyk bolsa ugurtapyjylygyň görkezijisidir.

Ýatkeşligi ösdürýär. Köplenç ýagdaýda, okuwdan ýa-da işden boş wagtlary kitap okamaklyk beýniniň işjeň bolmagyna şert döredip, ýatkeşligi ösdürýär.

Ýazuw endiklerini berkidýär. Okalýan islendik kitap özüniň awtory tarapyndan beýan edilen usula salgylanýar. Şol kitaplardaky beýan ediliş usullary hem okyjy üçin ýazuw kadalaryny öwredip, ýazuw endigini kemala gelmegine ýol açýar. Bu bolsa ýazuw kadasy ulanylanda sözleriň nähili ulanylmalydygyny öwrenmekde esas bolup çykyş edýär.

Pikirleri tämizleýär. Islendik tema degişli bolan kitaby okaýan pursadyňyz ondaky beýan edilýän wakalaryň hem hadysalaryň dowamy hakda gyzyklanmak, netijesini öňünden seljermek pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp pikirleri tämizleýär.

Ynamly bolmaklyga ugrukdyrýar. Dowamly ýagdaýda kitap okamaklyk adam üçin täze-täze maglumatlara eýe bolmaga, durmuşda ýüze çykýan kyn ýagdaýlarda ugurtapyjy bolmaklyga gönükdirýär. Netijede, ynam duýgusy has hem güýçlenýär.

Söz baýlygy artdyrýar. Yzygider kitap okamaklyk arkaly adam täze sözlere duşýar, ynsan üçin täze bir dünýä açylýar. Kitap näçe köp okalan ýagdaýynda şonça-da, söz baýlygy artyp, dilewarlyk kemala gelip başlaýar. Dilewarlyk bolsa islendik ýagdaýdan baş alyp çykmaga ýardam edýän özboluşly häsiýetdir. 

Üýtgeşik lezzet paýlaýar. Kitap okamaklyk üýtgeşik çykdajyny hem talap etmeýär. Netijede adam tölegsiz görnüşde dynç alşa gaýybana syýahata çykýar. Ýürege ýakyn kitaplary okamaklyk bolsa durmuşyň lezzetine lezzet goşýar. 

Dartgynly pursatda ýakyn kömekçidir. Islendik wagtda, islendik döwürde hem gyzykly kitap adamy dartgynly pursatlardan halas edýän ýakyn kömekçidir. Dowamly kitap okamaklyk ýürek urşy kadalaşdyryp, okyjyny rahatlandyrýar.

 

Aýnur ÝAGMYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.