Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kitaby netijesiz okamak endikleri
  30.12.2022
938
Kitaby netijesiz okamak endikleri

Aslynda, adamyň aňy, düşünjesi ilki bilen kitapdan, ondaky ylym-bilimden iýmitlenýändir. Okamak adamyň öz-özüni tanamagyna mümkinçilik berýän peýdaly işdir. Ol hünärimizi kämilleşdirmek, medeniýetimizi giňeltmek, sagdyn pikirlenmek üçin hökmany şertdir. Okap öwrenmek bilen gazanylýan ylym we onuň eçilýän mertebesi ömürlikdir. Okamak hiç haçan ünsden düşürilmeýän zerurlykdyr. Öwrenilen hem görlen beýleki zatlar wagtyň geçmegi bilen öz täsirini ýitirýär, emma kitap islendik wagt ýüz tutup bolýan paýhas çeşmesidir. Ýöne kitaby netijesiz okamak oňlanylmaýan endikdir. Geliň, şu ýerde kitaby netijesiz okamak endikleri dogrusynda durup geçeliň: 

Daşyňdan okamak. Käbir adam okaýan zatlaryna düşünmek üçin kitaby daşyndan okaýar. Şeýle ýagdaýda okalýan tekstiň manysy hem çylşyrymlaşýar. Bu endik çagalykda hem galyp bilýär. Aslynda bu endik okan zadyňa düşünmegi has-da kynlaşdyrýar. 

Setirleri barmak bilen yzarlap okamak. Bu endik gözüň hereketini çäklendirýär, gözüň ýetýän ýerinden doly peýdalanmaklygyna böwet bolýar. 

Yza gaýdyp okamak. Öňki okan ýeriňi täzeden okamak endigi hem köp duşýar. Bu ýagdaý artykmaç wagtyň sarp edilmegine sebäp bolýar we okalýan tekstiň gyzygyny gaçyrýar. 

Şol bir tizlikde okamak. Islendik okalýan eserleriň çylşyrymlylygyna  görä dürli tizlikde okamak gowy netije berýär. Ýöne şol bir tizlikde okamak oňat endik däldir. Köp adamlar ýönekeýje zatlary hem şol bir öwrenişen tizliginde okamagy endik edýärler. 

Yzygiderli okamazlyk. Diňe okamaga mejbur bolan wagtymyzda kitap okamaklyk netijesizdir. Mysal üçin, ýaşlar köplenç diňe synaglara taýýarlanýan wagtlary okaýarlar. Okamak endigi gün tertibimizde hökman orun almaly endikleriň biridir. Çünki kitap okamak – bilesigelijiligimizi, ukyp-zehinimizi artdyrýan möhüm görkezijidir. 

 

Ogulşat SAPAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.