Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦ ✦ Türkmenistan bilen Eýran söwda hyzmatdaşlygyny giňeldýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Keşdeçilik bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
  16.09.2023
352
Keşdeçilik bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

Ýakynda  Ahal welaýatynyň Änew medeniýet öýünde  Türkmenistanyň Zenanalar birleşiginiň Merkezi  Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden  “Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyzdyr” atly bäsleşigiň   welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige etraplardan  eli çeper gelin-gyzlar gatnaşdylar.

 

Bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar birinji tapgyrynda, ady äleme dolan dünýä nusgalyk bolan keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary, keşde çekmäge taýýarlygy barada buýsançly, labyzly gürrüň berdiler. Bu tapgyrda olar ýaka, tahýa, kürte we ş.m. keşdeläp başlamak üçin zerur bolan iňňe saýlamak, ýüpek sapaklary işmek, nagyş  saýlamak, saljak nagyşlaryna laýyklap ýerligini biçmek we ýerini bölmek ýaly ilkinji taýýarlyk işlerini görkezdiler.

 

Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda saýlap alan keşdeleri barada giňişleýin labyzly wasp etdiler şeýle hem  üçünji şertinde bäsleşige gatnaşyjylar “Elimden çykan egnime ýarar” diýlişki ýaly öz eden el işlerini geýip, onuň waspyny  çeper sözleriň goşgy setirleriniň, rowaýatlarynyň we gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler.

 

Şeýlelik bilen  bäsleşigiň dowamynda emin agzalarynyň  üns merkezinde bolan gelin-gyzlary biri-birinden  gowy çykyş edip emin agzalarynyň gelen netijesi esasynda  çeper elli ýiti zehinlileri öňe saýlandy şeýlelik bilen olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

 

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Zenanlar guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýsoltan Öwezowa
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy