logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Poetry /«KÄTELER» - Aýgözel GARLYÝEWA
  07.11.2022
1690
«KÄTELER» - Aýgözel GARLYÝEWA

Eje, men bir zada haýran,
Göwnüm bolýa girýan, girýan,
Gussamy ýüregme bermän,
Zyňasym gelyär käteler.

Dälem bolsam, telbe, güň ýa,
Kalbyma del duýgy inýä,
Başym alyp başga dünýä,
Eňesim gelýär käteler.

Ykbalyma başym egmän,
Bitmeýän arzuwma degmän, 
Oturyp böwrümi diňläp,
Dymasym gelýär  käteler.

Çekdirip ynjyk näzimi,
Diňlesem söýgiň sazyny,
Buýsanyplar öz-özümi,
Öwesim gelýär  käteler.

Kem däl-ä syrat-boýum-da,
Bilbiller joşsun toýumda,
Mydam  utulman oýunda,
Ýeňesim gelýär käteler.