logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kanareýka täsin guş
  23.09.2022
1982
Kanareýka täsin guş

    Kanareýkanyň adamlar bilen ýaşap başlanyna 500 ýyldan gowrak wagt geçipdir.Onuň sesi tebigatda duş gelýän beýleki guşlardan düýpgöter üýtgeşikdir.Iň meşhur kanareýka görnüşi “Gars rolleri”diýip atlandyrylýar.Ol Germaniýada dörän bolup, ýakymly ajaýyp owazly sesi bilen beýleki görnüşlerinden düýpgöter tapawutlanýar.
     Häzirki wagtda kanareýkanyň dünýäde 120-den gowrak görnüşleri bardyr.Kanareýkalar her ýylda ornitologlar tarapyndan geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki ýerleri eýeläp gelipdir.Kanareýkalar iň kyn bolan saz eserlerini-de, aňsatlyk bilen ýatda saklaýarlar,mundan başga-da bular edil totuguşlar ýaly adamlaryň gepleýän geplerini gaýtalamagy halaýarlar we üstünlikli ýerine ýetirip bilýärler.Kanareýkanyň owazy adamlaryň ruhy ýagdaýyna gowy täsir edýär.Bu guşlar 15 ýyl ýaşaýarlar.Onuň tebigatda diňe bir sary reňkli görnüşleri bolman, goňur,  gyzyl rekliride duş gelýändir. Kanareýkany ýekelikde idetmek amatly hasaplanýar.Eger-de bir sany gapyrjakda birnäçe guş saklanylsa,onda olar bir- birine gahar edip saýramaýan eken.

Ruhsara Jumageldiýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby