logo

Latest news:
✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦
Home / In the world /Kanadadaky ýangynlar ABŞ-nyň howasyna ýaramaz täsir etdi!
  07.06.2023
710
Kanadadaky ýangynlar ABŞ-nyň howasyna ýaramaz täsir etdi!

Kanadada birnäçe günläp dowam edýän tokaý ýangynlary ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar ştatlaryna ýaramaz täsirini ýetirdi. ABŞ-da howa mämişi-gyzyl reňke boýaldy. Şäherde ysyny gowy duýmak bolýar.

Häkimiýetler howanyň hili barada saglyk duýduryşyny berdi we raýatlardan zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýurtda esasanam ýürek, öýken we dem alyş keselleri bolan adamlara çykmazlyk maslahat berilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Kanadanyň 413 sebitinde tokaý ýangynlary dowam edýär. Ýangynlar sebäpli 26 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere ewakuasiýa edildi.

Tokaý ýangynlarynyň atmosfera ep-esli hapalaýjy maddalary goýberýändigi we ýangynyň tüssesinde öýkeniň içine girýän we demgysma şeýle-de bronhit ýaly saglyk meselelerine sebäp bolýan PM2.5 atly maddanyň bardygy mälim edildi.