Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /KÄMIL YLYM-BILIM – RÖWŞEN GELJEK
  27.10.2022
915
KÄMIL YLYM-BILIM – RÖWŞEN GELJEK

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda we taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň kämil bilim ulgamy döredilip, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagy, ugrynda giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar we ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilimiň mazmunyny kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak baradaky aladalary netijesinde döwrebap enjamlaşdyrylan umumy bilim berýän mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda ýaş nesle döwrüň  ösen talaplaryna laýyk derejede bilim-terbiýe berilýär. Ýurdumyzda ylmy we bilmi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga goltgy berýär, olaryň Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar.

Türkmenistanda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şu jähetden, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Her bir raýatyň intellektual derejesi ýokarlandyrylýar, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, edep-terbiýeli, ussat hünärmen bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Täze gurulýan mekdepleriň, ýokary okuw jaýlaryň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna oňaýly şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Häzirki zaman ösüşinde ösen döwletler bilen deň derejede gadam urmak üçin bilim we ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, halkara tejribesiniň iň soňky gazananlarynyň milli tejribe bilen sazlaşykda ornaşdyrylmagy wajyp bolup durýar. Halkara hyzmatdaşlygynda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hem-de ýaşlary daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okatmakda netijeli işler ýola goýulýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň tejribesinde milli bilim ulgamynyň usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Goý, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi barada yzygiderli alada edýän, ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Bäşim MÄTNIÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.