logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Kaka etrabynda  Ylymlar gününe bagyşlanyp duşuşyk geçirildi
  12.06.2023
865
Kaka etrabynda  Ylymlar gününe bagyşlanyp duşuşyk geçirildi

Ýakynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Kaka etrap häkimliginiň, TKA-nyň Kaka etrap birleşmesiniň, hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda «Ylym ösüşleriň ygtybarly ýoly» diýen at bilen aýdym sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ýokary tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim, döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugry hormatly  ähmiýete eýedigi barada aýdylanlar bolsa, duşuşyga gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan, il-günimiziň bagtyýarlygy barada alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

 

Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Kaka etrap
birleşmesiniň esasy hünä
rmeni.