logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Kaka etrabynda maşgala mukaddesligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
  22.09.2023
1168
Kaka etrabynda maşgala mukaddesligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Kaka etrap Dokma toplumynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap birleşmesiniň guramagynda gelin-gyzlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek bilen “Zenan maşgala. Jemgyýet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 

   

Duşuşykda çykyş  edenler milli däp-dessurlarymyz, gelin-gyz edebi, olaryň  maşgalada eýeleýän orunlary barada  giňişleýin gürrüň  etdiler. Ene-mamalardan ýol-ýörelge bolup gelýän ajaýyp  görüm-göreldäni ösüp gelýän ýaş  gyzlaryň  arasynda wagyz-nesihat  etmegiň her bir enäniň , uly ýaşly zenanyň  borjy  bolup durýandygyny  nygtadylar. Şeýle hem gündelik durmuşda arassaçylyk  kadalaryny berjaý  etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, ýaşlaryň  arasynda düzgün bozulmalarynyòň  öňüni almak bilen bagly öwüt-ündewleri berdiler.

 

 

Maslahatda çykyş  eden hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan mertebesini belende galdyrmakda döwletimiz, Arkadagly Serdarmyz tarapyndan edilýän tagallalar barada hem aýratyn durup geçdiler.

 

   

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdiler.


Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Kaka etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.