logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Kaka etrabynda «Eli hünärli-il gezer» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi
  22.05.2023
967
Kaka etrabynda «Eli hünärli-il gezer» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi

Ýakynda,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Kaka etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli zenanlaryň gatnaşmagynda «Eli hünärli-il gezer» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Oňa Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ak saçly eneler hem-de KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlaryň we ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçip, şu günlere ýeten milli lybaslarymyzy, däp-dessurlarymyzy nesillere miras galdyrmak hem-de olary bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmek dogrusynda hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan edilýän tagallalar barada hem durup geçdiler.

Duşuşyga gatnaşanlar  ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdiler. 

 

Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Kaka etrap
birleşmesiniň esasy hünä
rmeni.