logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Kaka etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär!
  14.06.2023
1313
Kaka etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär!

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Kaka etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän öz edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli. 

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaýy, Kaka etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800133) 31-7-38.