logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Kaka etrabynda Bitaraplyk baýramçylgy mynasybetli aýdym sazly duşuşyk geçirildi
  13.12.2023
564
Kaka etrabynda Bitaraplyk baýramçylgy mynasybetli aýdym sazly duşuşyk geçirildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Kaka etrabynyň medeniýet öýünde “Bitaraplyk dillerimde dessanym, baýramyň mübärek Türkmenistanym” atly aýdym sazly baýramçylyk medeni çäresi geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan dabara halk hojalygyň dürli pudaklarynyň öňdebaryjy işçi hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

 

 

Baýramçylyk dabarasynda gutlag sözleri bilen çykyş edenler ýurdumyzyň halkara başlangyçlary barada aýdyp, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň biragyzdan goldamagynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Kararnamalaryň ähmiýetine ünsi çekdiler hem-de döwletimiziň halkara hukuk derejesiniň türkmene eçilen bagty dogrusynda uly buýsanç we guwanç bilen nygtadylar. Bagtyýar raýatlaryň ýürek joşduryjy sözleri toý zalyna ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

Şanly senä bagyşlanan dabaranyň dowamynda ýaňlanan milli we estrada aýdym-sazlar we tans çykyşlary aýratyn ruhy göteriliş alamatyny emele getirdi. Etrabyň medeniýet merkeziniň bagşy-sazandalarynyň, halk döredijilik toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlarynda döwrümiziň buýsançly waspy öz beýanyny tapdy.

 

 

Aýgül Saryhanowa,
TKA-nyň Kaka etrap birleşmesiniň işgäri.