logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«KÄBÄŇ EKEN» - Şatlyk JEPBAROW
  15.04.2023
957
«KÄBÄŇ EKEN» - Şatlyk JEPBAROW

Özüniň egsilmez mährin siňdirip,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.
Agsan ýerleriňde hemaýat berip,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.

Ýüregiň urgusyn gözüňden duýup,
Gaýgy-aladasyn özünde goýup,
Mylaýym ýüzlenip: «Jan balam» diýip,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.

Alyslarda gezseň ýanyňda ýaly,
Dilegleri eder işleriň şowly,
Gursagy mähirden, söýgüden doly,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.

Enedir dünýäde iň beýik ynsan,
Kändir bu ynsanyň mährine suwsan,
Kimde-kim bar bolsa günäsin ýuwsun,
Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.