Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦ ✦ EKSPORT — Global bazara ýol ✦ ✦ Garagum çöli: ylmy barlaglar we durnukly ösüş mümkinçilikleri ✦ ✦ Emeli aňyň adamzadyň durmuşyna täsiri: peýdasy we töwekgelçilikleri ✦ ✦ "Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara bäsleşigi GDA gatnaşyjy ýutlaryň arasynda, yglan edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi ✦ ✦ Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär? ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary
  15.01.2026
256
Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary

Soňky ýyllarda zähmet bazarynda professional HR hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar. Şu ugurda hyzmatlaryny hödürleýän Jobs In Ashgabat platformasy iş berijiler bilen iş gözleýänleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün edýär.

Jobs In Ashgabat — iş berijiler we dalaşgärler üçin niýetlenen HR consulting we karýera hyzmatlary meýdançasy bolup, işe kabul etmekden başlap, işe ýerleşmäge çenli ähli tapgyrlarda goldaw berýär. Platforma dogry iş orunlaryny degişli dalaşgärler bilen baglanyşdyrmagy maksat edinýär.

 

Iş orunlary biržasy

Jobs In Ashgabat iş orunlary biržasynyň üsti bilen dürli ugurlar boýunça aktual iş mümkinçiliklerini hödürleýär. Iş gözleýänler öz başarnyklaryna laýyk iş tapyp bilýärler, iş berijiler bolsa zerur işgärleri saýlap almak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Iş orunlary biržasy:

  • iş orunlaryny hödürlemek,

  • iş berijiler üçin işgär tapyp bermek,

  • dürli ugurlar boýunça iş mümkinçiliklerini jemlemek ýaly hyzmatlary öz içine alýar.

 

Iş söhbetdeşligine taýýarlyk

Platforma iş gözleýänler üçin söhbetdeşlige taýýarlyk boýunça hem maslahat hyzmatlaryny berýär. Bu hyzmat dalaşgärleriň iş berijiler bilen duşuşykda özlerini ynamly we professional görkezmegine gönükdirilendir.

Söhbetdeşlige taýýarlyk hyzmaty:

  • ýüz tutulýan kärhananyň iş ugurlary barada maglumat bermek,

  • dalaşgäriň özüne laýyk işi saýlamagyna ýardam bermek,

  • özüňe bolan ynamy artdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

 

CV / rezýume taýýarlamak

Iş berijiler üçin CV ýa-da rezýumede maglumatlaryň düşnükli we tertipli bolmagy aýratyn möhümdir. Jobs In Ashgabat dalaşgärleriň ähli başarnyklaryny jemläp, professional görnüşde CV we rezýume taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär.

Bu hyzmatyň çäginde:

  • ýeňil okalýan we maglumata baý rezýume taýýarlanýar,

  • dalaşgäriň başarnyklary doly görkezilýär,

  • ýüz tutulýan pudaga laýyk sazlama edilýär.

  •  

Terjime hyzmatlary

Jobs In Ashgabat resmi we iş resminamalary üçin professional terjime hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär. CV/rezýume, iş hatlary we beýleki iş maksatly tekstler ýokary hilli terjime edilýär.

 

HR consulting çemeleşmesi

Jobs In Ashgabat iş berijiler we iş gözleýänler üçin bir platformada birleşdirilen, netijä gönükdirilen HR consulting çemeleşmesini hödürleýär. Şahsy we maksatly hyzmatlar arkaly taraplaryň wagtyny tygşytlamak esasy ugur bolup durýar.

Habarlaşmak üçin

Hyzmatlar barada giňişleýin maglumat almak isleýänler aşakdaky salgylardan habarlaşyp bilerler:

✉️ jobsinashgabat@gmail.com
📞 +993 64 83 44 32
📞 +993 63 20 90 03

 

Jobs In Ashgabat — iş berijiler we iş gözleýänler üçin professional HR goldawy.