Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygy ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek we ynsan saglygyny gorap saklamak gönüden-göni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işler üstünlikli alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 26-njy martynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň saglygy goraýyş bilen bagly maksatlaryna salgylanyp, onuň görkezijilerinden ugur alynýandygyny görmek bolýar. Maksatnamada raýatlaryň saglygyny ömrüniň ähli tapgyrynda goramak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşy bilen baglylykda döreýän keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini kämilleşdirmek bellenilýär. Şeýlelikde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi saglygy goraýşyň kämil we ygtybarly ulgamyny kemala getirmäge, Türkmenistanyň dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmündäki derejesini has-da belende götermäge ýardam berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalar halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň möhüm düzüm bölekleriniň biridir.
Alym Arkadagymyz: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler» diýmek bilen, her bir dermanlyk ösümlik hakynda söz açanda, onuň halk lukmançylygyndaky orny baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň gözelligini, berekedini, köp dürli ösümliklerini we olaryň ähmiýetli aýratynlyklaryny ylmy nukdaýnazardan düşündirýän kitaplary türkmen halk lukmançylygynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen tejribesiniň miwesidir. Şeýle bolansoň, mukaddes türkmen topragyny «Ýaşyl dermanhana» diýip atlandyrýan alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikler hakyndaky pikir-garaýyşlary gündelik durmuşymyzda gymmatly gollanmadyr.
Goý, ynsan saglygyny goramak we berkitmek ugrunda asylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, merdana halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Nurmyrat SEÝITGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.