23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreler barada hasabat berdi.
Öňümizdäki aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, şeýle hem «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Iýul aýynda yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde-de köpçülikleýin medeni çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary geçiriler.
Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Änew şäheriniň medeniýet öýünde we Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçiriler. 8-nji iýulda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlaryny guramak, 15-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dabaraly maslahaty we neşir önümleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
3 — 9-njy iýul aralygynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, 10 — 31-nji iýul aralygynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Russiýanyň meşhur sirkiniň artistleriniň, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň, häzirki döwürde onuň baý däplerini dowam etdirmegiň, türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny giňden wagyz etmegiň, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.