logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Politics /Işewürlik hyzmatdaşlygy giňeldilýär
  17.12.2022
999
Işewürlik hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Muňa 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Azerbaýjan we Türkiýe Respublikalarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit aýdyň şaýatlyk edýär.

Taryhy kökleri bir bolan Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Türkiýe döwletleri hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedirler. Bu ýurtlaryň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmekleri hyzmatdaşlygy has doly derejede amala aşyrmaga şert döredýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit aýratyn ähmiýete eýedir we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetlerini ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet hem berer. Hut şonuň üçin-de, ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Şeýlelikde, bu sammit netijeli häsiýete eýe boldy diýip arkaýyn aýdyp bileris. Sebäbi forumyň dowamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ençeme teklipler öňe sürüldi, duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, birnäçe resminamalara gol çekildi. Bilelikdäki Beýannamada geljekde hem köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy we sebit derejelerinde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek maksady bilen halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlyk beýan edilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşykda öňe sürlen netijeli tekliplerdir gazanylan ylalaşyklar taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga hyzmat eder. 

 

Aýjeren MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.