Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy ✦ ✦ Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş ✦ ✦ Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär ✦ ✦ Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar ✦ ✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Institutyň täze binalar toplumy 2026-njy ýylda okuwa taýýar bolar
  15.09.2023
549
Institutyň täze binalar toplumy 2026-njy ýylda okuwa taýýar bolar

Türkmenistan ýurdumyzda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady bolup durýar.

 

Arkadagly Serdarymyzyň: “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýen ganatly sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň belent başlaryny göge ýetirýär.

 

  2023-2024-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediljek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Bu ýerde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek göz öňüne tutulan esasy wezipedir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 26 kafedra hereket edýär, olarda 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.

 

Yhlas ATAGARAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.