Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ilon Mask kim?
  13.04.2023
948
Ilon Mask kim?

Ilon  Riw Mask  (Iňlisçe: Elon Reeve Musk ) – 1971-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasynyň Pretoriýa şäherinde doglan. Ol – amerikan telekeçisi, inžener we multimilliarder. «Space X» kompaniýasynyň esaslandyryjysy, direktory we esasy inženeri; «Tesla» kompaniýasynyň arhitektory we direktory; «The Boring» kompaniýasynyň esaslandyryjysy; «Neuralink» we «OpenAI» kompaniýalarynyň esaslandyryjylarynyň biri, şeýle hem «Twitter»-iň şu wagtky eýesi. 

Maskyň 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda kapitaly ilkinji gezek 185 milliard dollara barabar  bolup, «Amazon» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosy özünden soňra ikinji orna geçirip, ýer şarynyň iň baý adamyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda taryhda kapitaly 300 milliard dollara barabar bolan ilkinji adama öwrüldi.

Mask doglan we ulalan ýeri bolan Pretoriýa şäherindäki Pretoriýa Uniwersitetinde  biraz wagt okaýar, emma 17 ýaşynda ol Kanada gelýär we Kingstondaky Kuins Uniwersitetine okuwa girýär. Iki ýyldan soňra ol okuwyny Pensilwaniýa Uniwersitetinde dowam etdirýär. Ol ýerde Mask ykdysadyýet we fizika ugurlaryndan bakalawr derejeli diplom alýar. Ol 1995-nji ýylda Stenford uniwersitetinde okamak üçin Kaliforniýa göçüp gelýär, emma ol biznes bilen meşgullanmaly diýen karara gelýär. Ilon we dogany Kimbal internet üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan «Zip 2» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň birine öwrülýär.

2002-nji ýylda Mask «Space X»-i , ýagny  aerokosmiki tehnikalary öndürmek we kosmiki transport hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan kompaniýany  esaslandyrýar.

2004-nji ýylda ol elektoulaglary öndürýän «Tesla» Kompaniýasynyň guramaçy agzalarynyň başlygy wezipesini eýeleýär. 2008-nji ýylda bolsa ol «Tesla» kompaniýasynyň baş direktory bolýar.

Mask 2016-njy ýylda Gonkongda geçirilen inwestision forumda özüniň kompaniýasy 2020-2025-nji ýyllar aralygynda Marsa uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ilon Mask 2016-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Meksikada geçirilen Astronawtika boýunça Halkara kongresde planetalar arasynda transport ulgamyny döretmek baradaky taslamasy bilen çykyş etdi. Taslamada adamlary Marsa gatnamak üçin niýetlenen köpgezekli kosmiki  transport barada aýdylýar.

2021-nji ýylda «Time» žurnaly Ilon Masky «Ýylyň adamy» diýip yglan etdi. 

 

Bahar ALLAJANOWA,

Daşoguz şäherindäki 27-nji orta
mekdebiň mugallymy.