logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /ILKINJI KROSSOWKALAR
  04.05.2023
1194
ILKINJI KROSSOWKALAR

XVIII asyryň ahyrynda adamlar «kanwas» aýakgaplary diýlip atlandyrylýan kauçuk aýakgaplary geýýärdiler, ýöne olaryň daşky görnüşi gaty gödekdi we sag, çep aýaklara bölünişik ýokdy. Ilkinji aýakgaplar 1895-nji ýylda Jozef William Foster tarapyndan ýasaldy.

Takmynan 1892-nji ýylda Amerikan Kauçuk Kompaniýasy «keds» diýlip atlandyrylýan, üsti matadan tikilen has amatly rezin aýakgaplary oýlap tapdy. 1917-nji ýyla çenli bu aýakgaplar köpçülikleýin öndürilip başlandy, iňlislerden alnan «krossowka» adyny aldy, sebäbi olary geýen adam ýörän mahaly hiç hili ses çykarmaýan eken.

1920-nji ýylda Germaniýada nemes telekeçileri Adolf we Rudolf Dassler sportuň ylgamak görnüşini taýýarlamak üçin aýakgap öndürýän zawod gurdular.

1930-40-njy ýyllarda aýakgap kompaniýalary sportuň her bir aýratyn görnüşi üçin aýratyn aýakgap öndürip başladylar. Ilkinji tennis aýakgaplary Fransiýada tarapyndan öndürildi.

1950-nji ýyllarda ABŞ-da demografiki ösüş sebäpli krossowkalar ýeňil we amaly aýakgap hökmünde meşhurlyk gazandy. Şol döwürde krossowkalar klassiki deri aýakgaplary bilen deňeşdirilende gaty gymmat däldi. 20-nji asyryň birinji ýarymynda sport aýakgaplary esasan sport üçin geýilýärdi. Emma 50-nji ýyllarda Jeýms Diniň baş keşbi janlandyran meşhur «Sebäpsiz gozgalaň» filmi çykandan soň çagalar hem geýip başladylar.

1960-njy ýyllaryň başynda käbir krossowkalar ABŞ-nyň bazaryna Ýaponiýadan getirildi. Şol wagt «Nike» ady bilen ýapon aýakgaplaryny import edilip başlandy.

1970-nji ýyllarda Amerikanyň kärhanalarynda sport bilen meşgullanýanlardan başga-da beýleki raýatlar üçin hem krossowkalar öndürilip başlandy. Köp tanymal şahsyýetler hem köpçülige krossowka geýip çykyp başladylar. Eýýäm 1990-njy ýyllarda dünýäniň köp aýakgap kompaniýalary krossowka önümçiligine geçdiler. Bu döwürde Adidas, ASICS,  Fila, Gola, Nike, Puma, Reebok ýaly markalar krossowka pudagynda öňdebaryjy aýakgap markalaryna öwrüldi.  

 

Orazgül HAKBERDIÝEWA, 

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.