logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Ileri tutulýan durmuş ugurlary – bagtyýar durmuşa badalga
  25.05.2023
793
Ileri tutulýan durmuş ugurlary – bagtyýar durmuşa badalga

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän durmuş özgertmeleri täze Galkynyşyň ak ýolunda rowaçlyga beslenýär. Türkmenistan Watanymyzyň her bir raýatynyň bagtyýar ýaşaýşy, durmuş üstünligi üçin ähli şertleri döretmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenendir. Döwürlere barabar wagtda dürli maksatly binalaryň, ähli amatlyklary özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaýlarynyň, täze zawod hem fabrikleriň, ak mekdepleriň, hassahanalaryň, döwrebap kitaphanalaryň, sport merkezleriniň ençemesi döwletlilikden, ýurdumyzyň kuwwatlylygyndan habar berýär. Yzygiderli gurulýan awtomobil, polat ýollarynyň, suw geçirijileriň onlarça müň kilometri, ýurdumyzda öndürilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleriň dürli görnüşleri muňa aýdyň güwädir. Zamanabap beýik işleriň alnyp barylmagy, möhüm wakalaryň, täze-täze üstünlikleriň gazanylmagy bagtyýarlykdan nyşan. Ata ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň çäklerinde durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary anyk beýanyny tapýar. «Saglyk» döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde raýatlarymyza häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede lukmançylyk hyzmatlary bermeklik üpjün edilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şypahanalar ulgamyny giňeltmek, şeýle hem diýarymyzyň ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmaklyga goşant goşmak döwlet derejesinde uly üns merkezinde saklanylýar. Ylym-bilimi ösdürmek, ussat, kämil bilimli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwür bilen aýakdaş gitmekligiň baş şerti. Şu maksatlara ýetmekde Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän şertleri täze mümkinçilikleri açýar. Ähli sebitlerde çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy dowam etdirilýär, täze ýokary okuw mekdepleri açylýar we olara täze hünärler, täzeçe usullar girizilýär, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegine aýratyn üns berilýär. Merdana halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny goramak, aýawly saklamak we dünýä ýüzüne ýaýmak, olaryň naýbaşy nusgalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini gazanmak babatda edilýän tagallalar mynasyp kemal tapýar. Ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek jemgyýetiň bähbitleriniň esasy ugry bolup durýar. Işjeň we netijeli durmuş syýasatyny berkarar etmek bolsa syýasy-ykdysady taýdan kuwwatly ýurda mahsusdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçly menzillerinde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde uly üstünlikleri gazanmak bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygider ýokarlandyrmaga gönükdirilen asylly maksatlaryň, beýik başlangyçlaryň bady mundan beýläk hem batlansyn! 

 

Abatgylyç NAZAROW,

TKA-nyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.