logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Sport /Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow 20-nji gezek ýeňiş gazandy
  11.03.2023
1804
Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow 20-nji gezek ýeňiş gazandy

Geçen agşam ýary gijeden soň, Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292» ýaryşynyň çäginde litwaly Julius Englikas bilen nobatdaky tutluşygyna çykdy.

Geçirilen tutluşyk 3 döwden ybarat boldy. Aralary 5 minut bolan her döwde ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow garşydaşyndan artykmaçlygy bilen tapawutlandy.

Türkmeniň gerçek ogly Döwletjan eminleriň biragyzdan çykaran kararlaryna görä ýeňiji bolup Türkmen tugymyzy belentde galdyrdy. Bu ýeňiş Döwletjanyň 20-nji ýeňşi hökmünde bellige alyndy.