Eziz ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine uly üns berilýär. Köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, sportuň atçylyk, welosiped we awtomobil sporty ýaly täze görnüşlerini has hem kämilleşdirmek babatda oňyn netijeler gazanylýar. Bu ugurda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Serdarymyz ähli watandaşlarymyza, aýratyn hem biz ýaşlara nusgalyk görelde bolýar. Beden maşklary we sport bilen meşgullanmaga ünsi ýokarlandyrmak möhümdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmekde ýola goýulýan nusgalyk işler netijesinde uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamasy alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeňleşdirilýär, ata Watanymyzyň rowaçlanmagyna ýardam edýän sagdyn nesil kemala gelýär. Öňe sürülýän başlangyçlar ähli raýatlarymyzda uly goldaw tapýar, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýaşlarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak endiklerini kemala getirmek, şeýlelikde, saglygy we ruhubelentligi berkitmek ählihalk wezipesi bolup çykyş edýär. Şu günki we geljekki nesilleriň beden we ruhy sagdynlygy baradaky alada Watanymyzyň geljegine gönükdirilen möhüm maýa goýumy hasaplanylýar. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň, beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň toplumlaýyn ulgamyny kemala getirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurdyr. Giňden ýaýbaňlandyrylan sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändigine gazanylýan üstünlikler, oňyn netijeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport uly meşhurlyga eýe bolýar. Ilata halkara ölçegleriň derejesindäki döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleriniň elýeterliligini üpjün edýän saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy raýatlaryň ýaşaýşynyň hiline we ömürleriniň uzaklygyna oňyn täsir edýär. Ýurdumyzda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini artdyrmak, köpugurly düzümi kemala getirmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirildi. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş jaý toplumlarynda olar bilen ýanaşyk çäklerde göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, bu işleriň ählisi hormatly Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, jemgyýetiň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň, mahriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň ajaýyp subutnamasydyr.
Gülälek BABAMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.