Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Il saglygy – ýurt baýlygy
  10.10.2023
778
Il saglygy – ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen örän çuň paýhasly şygary bilen başyny başlan giň gerimli özgertmelerini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen täzeçe bir baý mazmunly şygar bilen netijeli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyzymyň «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähminden ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler üstünlikli amala aşyrylýar.

 

 

Türkmenistanyň döwrebap «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda netijeli durmuşa geçirilýän bu maksatnamalaýyn çäreler ýurdumyzda her bir raýatyň lukmançylyk kömeklerini bökdençsiz alyp bilmegini, halkymyza dünýä lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýasynyň iň täze gazananlary bilen hyzmat edilmegini göz öňünde tutýar. Çünki, Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

 

 

Eziz diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle ýokary derejede ösmeginde Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy», «Türkmenistan – melhemler mekany», «Saglyk – bagtyýarlykdan başlanýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitaplarynyň, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly XIV tomluk kitabynyň ähmiýeti örän uludyr.

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 2021-nji ýylyň 26-nji martynda döwrüň talabyna görä kabul edilen rejelenen görnüşi häzirki ajaýyp zamanamyzda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy we abadançylygyny ýokarlandyrmagy, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmagy, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmegi, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmegi hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmegi maksat edinýär.

 

 

Bu Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen, Türkmenistanyň döwrebap «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze lukmançylyk edaralary, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugurly binalar yzygiderli gurulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we ol ýerde ýola goýulýan hyzmatlar boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezlerinden pes däldigi her bir türkmen raýatyny diýseň buýsandyrýar. Çünki, gözümiziň görejine deňeýän, mukaddes Watanymyzda şypahana-dynç alyş düzüminiň ösdürilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny dikeltmäge oňyn ýardam edýär.

 

 

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň halkymyzyň saglygyny dikeltmeklikde, milli saglyk ulgamyny ösdürmeklikde alyp barýan bimöçler işleri göz öňünde tutulup, olaryň hünär baýramyny Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen her ýylyň 10-njy oktýabrynda döwlet derejesinde giň gerimli dabaralara besläp, uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçmeklik ýola goýuldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 10-njy oktýabrynda hem, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgileri bütindünýä aýan edýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi bilen, aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenilýär. 

 

 

Toýly Jänädow,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň işgäri.