Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak, ýaşlary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta höweslendirmek işlerine Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy adam hasaplanylmak bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy jemgyýetiň we her bir raýatyň sagdyn durmuş gurşawynyň döredilmegindäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzyň çar künjünde gurlup ulanmaga berilýän saglyk merkezleri, saglyk desgalary, sport toplumlary, dürli seýilgähler, döwrebap şypahanalar ynsan saglygyny goramagyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri sahawatly türkmen topragynda ösýän jana melhem ösümlikleri ylmy taýdan öwrenmäge, olaryň dermanlyk häsiýetleri, taýýarlanylyşy we ulanylyşy babatda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak, gözel tebigatymyzy goramak we baýlaşdyrmak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly endiklerini ösdürmek möhüm wezipe hökmünde üns merkezinde saklanylýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz diňe bir saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmän, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda hem ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde daşary ýurtlar bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklary saglygy goraýyş ulgamynda hem barha ilerleýär. Bu ugurda ýetilen belent sepgitler, bu ugurdaky tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy babatda hem köp sanly halkara forumlardyr maslahatlar geçirilýär. Belent ynsanperwer ýörelgeler, saglygy goraýşyň ylmy we hukuk esasynyň pugtalandyrylmagy, şäherlerde we obalarda saglygy goraýyşyň ösdürilmegi, bularyň hemmesi mähriban raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň möhüm aýratynlyklarydyr. Il-ýurt bähbitli şeýle guwandyryjy işler Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bu ugurda ýola goýulýan asylly tutumlaryň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Çünki ata Watanymyz eziz Türkmenistan – sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdudyr.
Daýanç BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.