logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär
  23.04.2025
2207
II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär

Düýn, 22-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde II halkara matematika olimpiadasyna resmi ýagdaýda badalga berildi. Şu gün irden okuwçylar olimpiadanyň şahsy tapgyrynda öz ukyp-başarnyklaryny synagdan geçirdiler.

 

Olimpiada bilen bilelikde, wekiliýetleriň ýolbaşçylary bäsleşigiň geçirilýän mekdebinde okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkyna baryp gördüler.

 

Günüň ikinji ýarymynda olimpiadanyň gatnaşyjylary hem-de wekiliýetleriň ýolbaşçylary paýtagtymyzyň Türkmen halysynyň milli muzeýine we «Nusaý» medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç etdiler​.