logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Technology /Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler
  09.05.2025
1140
Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 15-17-si aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde taryhda ilkinji gezek bütindünýä adama meňzedilen robotlaryň gatnaşmagyndaky sport oýunlary geçiriler. Bu bäsleşikler “Guşyň höwürtgesi” adyndaky milli stadionda we “Buz talasy” milli konkide typmak stadionynda guralar. Bu stadionlar mundan ozal hem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ýerlerdir diýip, Hytaýyň Merkezi Telewideniýesine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

 

Geçiriljek bu sport çäreleri dünýäde ilkinji bolup, diňe adama meňzeş robotlaryň gatnaşmagynda köp ugurly ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Oýunlara 11 görnüşdäki sport bäsleşikleri giriziler, olaryň arasynda ýeňil atletikanyň 7 görnüşi bardyr: 100 metr, 400 metr, 1500 metr ylgamak, 4 adamlyk 100 metr estafeta, 100 metr bökdençli ylgamak, ýerden beýiklige we uzynlyga bökmek bilen bir hatarda, gimnastika we futbol hem bar. Bu ýaryşlarda robotlaryň sport taýdan ukyplylygy, hereketleriniň sazlaşyklylygy we toparlaýyn işleşmek ukyby aýratyn baha berler.

 

Şeýle hem, şu ýylyň aprelinde Pekin şäherinde ilkinji gezek adama meňzeş robotlaryň adamlar bilen bile gatnaşmagynda dünýäde ilkinji ýarym marafon geçirilipdi. Bu ýaryşa gatnaşýan robotlaryň adama meňzeş görnüşde bolmagy we tigir ýa-da başga enjamlaryň kömegi bolmazdan, iki aýagynyň üstünde ýöremäge ukyply bolmagy talap edilipdi.

 

Ýaryş düzgünleri hem örän berkdi: robotlar ýoluň gurluşyna zeper ýetirmeli däldi, garşydaşlaryna ýa-da adamlara zyýan ýetirilmeli däldi, görkezilen ugurdan çykmaly däldi we ähli tehniki talaplara laýyk hereket etmeli diýlip bellendi. Ýaryşda ýeňiji bolan robota 5000 ýuan möçberinde, ikinji we üçünji orny eýelän robotlara bolsa degişlilikde 4000 we 3000 ýuan baýrak berildi. Mundan başga-da, guramaçylar tarapyndan “ýaryşy üstünlikli tamamlany üçin”, “iň ýokary çydamlylyk” we “iň döredijilikli dizaýn” ýaly ýörite nominasiýalar boýunça hem baýraklar gowşuryldy. Şeýle hem ýeňiji bolan robota baýragy başga bir adama meňzeş robot gowşurdy.