logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Hytaý dünýäniň iň tiz gidýän otlusy bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär!
  16.05.2023
840
Hytaý dünýäniň iň tiz gidýän otlusy bilen rekord goýmagy meýilleşdirýär!

Hytaýyň Heilongjiang welaýatynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän ultra-tiz otly taslamasy häzirki wagtda bar bolan otly tizligini iki esse ýokarlandyrar. Täze dörediljek otlynyň sagatda 1000 km tizlige ýetmegi meýilleşdirilýär.

Ultra-tiz otly bilen ýerli syýahatçylygy janlandyrmak göz öňünde tutulýar. Otly  «maglew» ýagny magnit demir ýol aýratynlygyna eýe bolar. «Maglew» otlulary adaty otlylardan tapawutlylykda relslerde däl-de howada hereket edýär.

«Magnetic Levitation» sözünden gelip çykan «maglew» otlulary magnit arkaly göteriş otlusy hökmünde kesgitlenýär. Otly ýokary tizlige ýetmek üçin magnit göteriji güýçden peýdalanýar.

Ýokary tizlige ýetip bilýän «maglew» otlusynyň hereketi elektromagnitler arkaly amala aşyrylýar.

Otlyny herekete getirmek üçin relslerdäki elektromagnitleriň polýuslary üýtgedilýär. Bu üýtgeşmäniň netijesinde «maglew» otlusy ýokary tizlige ýetip bilýär.

Hytaýda işe başlajak ultra ýokary tizlikli otly wakuum transport turbasynda hereket eder.

 

Merjen HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we

ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.