logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa adamly uçuşy gurnar!
  30.05.2023
831
Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa adamly uçuşy gurnar!

Hytaý 2030-njy ýyla çenli adamly uçuşy gurnap, Aýa gadam basmagy maksat edinýändigini mälim etdi. Hytaýyň Kosmos Maksatnamasy boýunça guramasynyň müdiri «Hytaýyň Aýyň üstüne gonmagy Älem giňişligini has içgin öwrenmäge şert döreder» - diýip belläp geçdi. 

Hytaýyň Kosmos Maksatnamasy boýunça guramasy 2030-njy ýyla çenli adamly uçuşy gurnamak üçin häzirden degişli işlere girişdiler. Aýa adamly uçuşyň esasy maksady bolsa ylmy gözlegler we tehnologiýa synaglaryny geçirmek bolup durýar.

Aýa uçuş üçin «Long March-10» atly geljek nesil kosmos gämisinden peýdalanylar. Hytaý mundan ozal 2050-nji ýyla çenli Aýda doly işleýän gözleg bazasyny döretmek meýilnamasyny amala aşyrmaga girişilendigini mälim edipdi.

«Halkara Aý gözleg bazasy» atly taslamanyň çäginde, 2028-nji ýyla çenli 3 sany gözleg maksatnamasynyň çäginde 7 sany uçuş amala aşyrylar. Aýda dörediljek bazanyň esasy ýagdaýyny kesgitlemek ilkinji etapda bolar.

Aý gözleg bazasy 2050-nji ýyla çenli Mars, Wenera we ondan soňky kosmos uçuşlaryny goldamak üçin köp ugurly gözleg merkezine öwrüler.