Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi!
  08.06.2023
1049
Hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi!

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, hukuk tertibini üpjün etmek we paýtagtymyzyň, welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunda ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik edýän ýörite müdirlik tarapyndan geçirilýän çäreler barada hem aýdyldy.

Soňra içeri işler ministri temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurdumyza bikanun getirilmegine hem-de ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Habar berlişi ýaly, hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň doly aradan aýrylmagyna gönükdirilen we bu önümleriň ýurdumyzyň çägine getirilmegine berk gözegçiligi, öňüni alyş-hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu serişdeleriň bikanun ýaýradylmagynyň, ulanylmagynyň, ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ugurdaş harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde zerur işleri dowam etdirmegi ministre tabşyrdy.