Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 3d printerler barada ✦ ✦ Türkmen bedewiniň tarypy ✦ ✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Hoşniýetli türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär
  24.10.2022
546
Hoşniýetli türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy möçberdäki işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýär we ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk nusgalyk häsiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Munda iki doganlyk hem-de goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Muňa golaýda ýurdumyzda saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde paýtagtymyzdaky «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähini açmagy aýdyň subutnamadyr. Seýilgähiň açylyşynyň çäklerinde teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy hem geçirildi. Bu bolsa, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkeýändigine hem-de pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýatladyp geçsek, indi 4 ýyldan gowrak wagt bäri Daşkendiň gözel künjekleriniň birine «Aşgabat» seýilgähi ýaraşyk berýär. Ak mermerli Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň myhmanlara gujak açjak günleri hem gelip ýetdi. Doganlyk özbek halkynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan bu medeni-dynç alyş zolagy türkmen paýtagtynyň görküne görk goşup, iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider.

Türkmenistan Özbegistany iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dost hasaplaýar. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistan Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.  Soňky bäş ýylda özara söwda dolanyşygynyň möçberi 5 essä golaý ýokarlanyp, geçen ýylda bu görkeziji 902 million amerikan dollaryna barabar boldy. Özbegistanyň resmi gulluklary türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň şu ýylyň dokuz aýynda 570 million amerikan dollaryna golaýlandygyny habar berýärler. Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň 173-si hereket edýär.

 

Çemen BAÝRYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.