logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Hoş geldiň, Täze ýyl, täze umytlar bilen!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
  21.12.2025
514
“Hoş geldiň, Täze ýyl, täze umytlar bilen!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň eýwanynda Täze ýyl mynasybetli “Hoş geldiň, Täze ýyl, täze umytlar bilen!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

 

Dabara gatnaşyjylar geçen 2025-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan ylmy-pedagogiki işler, gazanylan üstünlikler hem-de talyp ýaşlaryň dürli ugurlarda ýetiren sepgitleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyşlarda Täze ýylyň täze maksatlara, täze tagallalara badalga berýändigi aýratyn nygtaldy.

 

Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe edebi-çeper çykyşlara, aýdymdyr tanslara tomaşa edildi.

 

Baýramçylyk çäreleriniň ahyrynda institut işgärleri we talyplar döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabara gatnaşyjylar Täze ýyldan täze üstünlikleri we täze üstünliklere beslenjek okuw ýyllaryny arzuw etdiler.

 

Aýgül TARNAWOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.