logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Politics /Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi
  09.12.2025
731
Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň baýramçylyk günlerinde Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykandygy habar berildi. 7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Kitapda ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň giňişleýin hem-de çuňňur seljermesi berlip, bitaraplyk derejesiniň esasy maksadynyň Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini halkara borçnamalaryna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda parahatçylykly durmuşy üpjün etmäge we döredijilikli ösüşe gönükdirmek bolup durýandygy bellenilýär.


Otuz ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrüldi. Täze kitap hut şu ösüşleriň mazmunyny seljerip, ýurdumyzyň häzirki zaman syýasatynyň strategiki ugurlaryny açyp görkezýär.