logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / In the world /Hindistanda dünýädäki iň uly elektrik stansiýasy gurulýar
  22.03.2024
500
Hindistanda dünýädäki iň uly elektrik stansiýasy gurulýar

Dünýädäki iň uly elektrik stansiýasy Hindistanda gurulýar. Meşhur milliarder Gautam Adani tarapyndan gurulýan gün we ýel elektrik stansiýasy 517 kilometr meýdanda gurlar. 

 

 

Ýalowadan has uly bolan elektrik stansiýasynyň maýa goýum bahasy 20 milliard dollar. Dünýäde üçünji uly energiýa sarp edijisi hökmünde tanalýan Hindistanda 16 million maşgalanyň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrjak desganyň 5 ýylyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar.

 

 

Hindistanyň günorta-günbataryndaky Gujarat ştatynyň Duz çölünde gurulýan desgany gurýan "Agel" kompaniýasy şol sanda ýurduň iň uly kömür känini öndüriji bolup durýar. Kompaniýa ýakyn 10 ýylda arassa energiýa çeşmelerine 100 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kömürden energiýa çeşmeleriniň 73 göterimini emele getirýän Hindistan, gazylyp alynýan ýangyçlara garaşlylygyny 2070-nji ýyla çenli azaltmagy meýilleşdirýär. 

 

 

Adaniniň arassa baýlygy esasan gazylyp alynýan ýangyçlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlary sebäpli köpeldi. Meşhur milliarder, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Bill Geýts we Warren Buffet ýaly işewür adamlardan öňe geçdi. Karýerasyna 1980-nji ýyllarda haryt söwdagäri hökmünde başlan bu telekeçiniň häzirki wagtda Hindistanda iň uly hususy infrastruktura topary bolan onlarça porty we sekiz howa menzili bar. Toparyň metbugat, informatika we goranmak ýaly köp sanly golçur kärhanasy bar. 

 

Şaperi JANYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.