logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasy geçiriler
  29.10.2022
1123
Himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasy geçiriler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasyny geçirer. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler www.tdu.edu.tm resmi saýtynyň olimp.tdu.edu.tm sahypasynyň Olimpiada-2022 bölümi arkaly 11-nji noýabra çenli haýyşnama bilen ýüz tutup bilerler. Olimpiada 14-nji noýabrdan 17-nji noýabr aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler.

Gatnaşýanlar üçin test görnüşinde himiýanyň dürli ugurlaryndan meseleleri çözmäge 180 minut wagt berler. Meseleler çözülende talyplara diňe ýazuw esbaplaryndan we kalkulýatordan peýdalanmaga rugsat berilýär.

Şahsy we toparlaýyn tapgyrlaryň jemi boýunça ýeňijilerdir baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanylar. Bäsleşikde tapawutlananlara höweslendiriji hormat hatlary gowşurylar.

+993-12-398601, +993-64-050124, +993-61-116326 telefonlardan, şeýle hem olimptsu@gmail.com elektron poçtadan goşmaça maglumatlar alyp bolar.