logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /HIÇ KIM ÝATDAN ÇYKANOK, HIÇ ZAT UNUDYLANOK!
  06.05.2023
1380
HIÇ KIM ÝATDAN ÇYKANOK, HIÇ ZAT UNUDYLANOK!

Asuda we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Bu sene ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgesine ygrarly hemişelik Bitarap döwletimizde belent ruhy joşgun bilen garşylanýar. Çünki millionlarça ynsanyň ömri we edermenligi, halklaryň agzybirligi we jebisligi bilen gazanylan ýeňşiň şanyna tutulýan toý bütindünýä parahatçylygyny, halkara raýdaşlygy giňden dabaralandyrýar. Kalplarymyzyň çuňlugyna ornaşan, taryhy senä öwrülen 9-njy maý — Ýeňiş güni tutuş adamzada geçmişiň hasratly hakydalaryny ýatladýar, şol bir wagtda-da göwünlere şatlyk paýlaýar, ynsan gözlerine gynanç hem-de begenç ýaşlaryny aýlaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň atasy, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, duşmana garşy mertlerçe söweşen mugallym, esger, ilhalar adam, 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory Berdimuhamet Annaýewiň hem görkezen gahrymançylygy uludyr. Ýefreýtor Berdimuhamet Annaýew frontuň öň hatarynda söweşýän esgerlere goşulýar. Ýefreýtor goşuna täze alnan esger däl-de, eýsem, ot-ýalnyň içinden geçen goç ýigit ýaly söweşýär. Çünki uruş başlamazdan öň, mekdepde çagalara bilim berip, raýat goranyşy, çalasynlyk, çydamlylyk, mergenlik derslerinde alnan endikler oňa söweş pursatlarynda uly kömek edýär. Onuň batyrlygy, edermenligi söweş ýoldaşlaryna we bölümiň serkerdelerine derrew aýan bolýar. Berdimuhamet Annaýewiň asyl käriniň mugallymçylykdygyny bilenlerinde bolsa oňa aýratyn hormat goýýarlar. Elbetde, Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly bu günki nesiller üçin nusga alarlyk mekdepdir.
Biz ata-babalarymyzyň gahrymançylyk mekdebini dowam etdiriji hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylaryna bildirýän ynamyna hemişe wepaly bolup, halkyň we Watanyň mukaddesligine durkumyz-düýrmegimiz bilen uýup, şol mukaddeslikleriň goragynda sarsmaz gala bolup durarys. Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun! 

 

Gurban BEGALYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.