logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Politics /Hezreti Omar metjidinde Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasy berildi
  15.04.2023
995
Hezreti Omar metjidinde Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasy berildi

14-nji aprelde, paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hormatly Prezidentimiz metjide geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz sadakanyň berilýän jaýyna bardylar.

Köpasyrlyk däbe görä, merhumyň hatyrasyna tebärek çykylandan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban ejesi we Arkadagly Serdarymyzyň eziz enesi, Watanymyzyň wepaly zenany Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.