logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Politics /“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady
  10.12.2025
631
“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady. Forum zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibini ilerletmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara guramalaryň wekillerini we bilermenleri bir ýere jemledi.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa zenanlaryň jemgyýetçilik, ykdysady we durmuş ugurlaryndaky işjeň gatnaşygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Oguljahan Atabaýewa halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we öňdebaryjy tejribe alyşmagyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň esasy şerti bolup durýandygyny, aýratyn-da saglygy goraýyş, bilim hem-de durmuş goldawy ugurlarynda munuň aýratyn möhümdigini nygtady.

 

Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, şol sanda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmek, eneleri we çagalary goldamak, şeýle hem zenan ýolbaşçylarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi.

 

Maslahatyň dowamyndaky mowzuklaýyn mejlislerde hyzmatdaşlygy ösdürmek, durmuş syýasatynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Aýsona AMANJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.