Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halkara ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna meýletinçiler güni
  04.12.2023
241
Halkara ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna meýletinçiler güni

Ykdysady ösüş we sosial ösüş boýunça Halkara meýletinçiler güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi. Bu bolsa meýletinçilere we dürli guramalara alyp barýan işleriniň wajyplygy hakda paýlaşmaga we olary höweslendirmäge mümkinçilik döredýär. 2012-nji ýylda meýletinçileriň işjeň zähmetine laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Meýletinçiler maksatnamasy, dünýä derejesinde has meşhur we esasy eýeçilige öwrülmegi maksat edinip, Bäş ýyllyk Halkara meýletinçiler gününiň strategiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Halkara meýletinler gününi guramak, umuman alanyňda, BMG ulgamy, hökümetler, meýletin guramalar we ygrarly adamlar bilen hyzmatdaşlygyň netijesidir. Şeýle hem bu maksatnama köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýa-da akademiýanyň, gaznalaryň, hususy pudagyň, ynanç toparlarynyň, sport we dynç alyş guramalarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. 

 

 

Birnäçe ýyl bäri Halkara meýletinçiler garyplyga, açlyga, kesellere, saglyga, daşky gurşawyň zaýalanmagyna we jyns deňligine garşy göreşmek üçin wagtlaýyn maksatlaryň toplumy bolan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin özleriniň mynasyp goşandyny goşdular. Bu barada BMG-nyň Baş sekretary António Guterreş: «Her dürli we üýtgäp durýan görnüşlerde hereket edýän Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde meýletinçiligiň eýeleýän orny hökümetleriň we beýleki gatnaşyjylaryň güýçli goldawyna mynasypdyr» - diýip, belleýär. Däp bolşy ýaly, Halkara meýletinçiler gününde (5-nji dekabr) UNV maksatnamasy halkara meýletinçileri dalaşgärlige çagyrýar we onlaýn bäsleşik guralýar. UNV maksatnamasynyň wekillerinden we meýletinlik we ösüş hyzmatdaşlygy boýunça daşarky hünärmenlerden düzülen emin dalaşgärleri gözden geçirýär we ýeňijileri saýlaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Meýletinçileri (UNV) maksatnamasy, dünýädäki raýatlary bu bäsleşikden ylham almaga we halaýan ýeňijisi üçin global ses berişlige gatnaşmaga çagyrýar. Baýragyň maksady, onlaýn meýletinçileriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki goşantlaryny ykrar etmek, onlaýn meýletinçileriň guramalaryň mümkinçiliklerini güýçlendirip boljak köp usullaryny görkezmek we meýletinleriň parahatçylyk we ösüş taslamalaryna goşup biljek tapawudyny görkezmekdir.

 

 

Handöwlet ÖWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.