logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 2026-njy ýylyň awgust aýynda ulanmaga berler
  11.02.2023
1999
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 2026-njy ýylyň awgust aýynda ulanmaga berler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen şertnamany, merkez üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şerti bilen baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň mart aýynda başlamak we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini 2026-njy ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.