logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gyzykly ýaryş geçirildi
  23.06.2023
1062
Gyzykly ýaryş geçirildi

Şu günler Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň arasynda dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Ol ýerde «Bagtyýarlyk zamananyň bagtyýar çagalary» ady bilen hereketli oýunlar boýunça guralan ýaryş hem şeýle sport çäreleriniň biri boldy.

TKA-yň Kaka etrap birleşmesi tarapyndan guralan ýaryşyň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýanlyga beslenmegini, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan, şeýle-de olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, çagalardan düzülen toparlar woleýbol, tanap çekmek we kiçi futbol ýaly görnüşlerde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Ruhubelent çagalaryň ýeňşe bolan hyjuwy we erjelligi ýaryşyň gyzykly geçmegine itergi berdi. Turuwbaşdan çekeleşikli häsiýetde geçen ýaryşda üstün çykan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

 

Aýgül SARYHANOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Kaka etrap
birleşmesiniň işgäri.