Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany
  06.01.2026
86
Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany

Jemgyýetleriň durnuklylygy we milli bitewüligi diňe hukuk we ykdysady meseleler bilen çäklenmän, eýsem zenanlaryň jemgyýetdäki orny bilen hem berk baglanyşyklydyr. Gyz-gelinler jemgyýetiň ösüşinde döredijilikli güýç hökmünde hem çykyş edýärler. Olar maşgala gatnaşyklaryndan tutuşlygyna jemgyýetçilik, medeni we ykdysady ulgamlara çenli durnuklylyga, bitewilige we dowamlylyga esas döredýän möhüm sütünleriň biridir.

 

Gyz-gelinleriň bilimde, ylymda, döredijilikde, işjeň jemgyýetçilik taslamalarynda alyp barýan işi milli birligiň nyşany bolup hyzmat edýär. Zenanlaryň döredijilikli başlangyçlary jemgyýetde innowasion pikirlenişi höweslendirýär, ýaş nesli kämilleşdirýär we milli mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Gyz-gelinleriň ykdysadyýetdäki orny hem uly ähmiýete eýedir.

 

Zenanlaryň jemgyýetdäki döredijilikli roly medeni we sosial ulgamda hem aýdyň görünýär. Olar döredijilikli taslamalar bilen jemgyýetçilik çärelerini ösdürýär, medeniýetimizi ösdürmäge we halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny nesillere ýetirmäge möhüm goşant goşýarlar. Şeýle gatnaşyklaryň netijesinde jemgyýetde bitewülik we ösüş aýratyn ähmiýetli häsiýet hökmünde saklanyp galýar.

 

Gyz-gelinleriň bilim we ylmy taýdan işjeňligi milli durnuklylygyň möhüm binýatlarynyň biridir. Olar ýokary okuw jaýlarynda, ylmy barlag merkezlerinde täze ideýalary işjeň ornaşdyryp, milli ykdysadyýetiň we jemgyýetiň innowasion mümkinçiliklerini artdyrýarlar. Bu ýagdaý geljegiň durnukly bolmagyna we milli bitewüligiň täze nesillerde dowam etmegine hyzmat edýär.

 

Türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki orny tutuş milletimiziň bitewüligi we ösüşi üçin möhüm şertdir. Gyz-gelinler milli mirasy gorap saklamagyň, jemgyýetiň innowasion kuwwatyny ösdürmegiň we durmuş durnuklylygyny üpjün etmegiň nyşanydyr. Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň syýasaty zenanlaryň döredijilikli mümkinçiliklerini doly ulanmagy goldaýar, şeýlelikde geljek nesiller üçin milli bitewülik we dowamlylyk berk binýatly bolmagyny üpjün edýär.

 

Maýa ATAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.